BILIM

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy we beýleki Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary bilimli inženerler, bakalawrlar we  magistrler taýýarlanylýar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňe sürlen strategiýaki syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaz çykaryş we gaýtadan işlemek mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu Ylalaşyk diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem ylmy-tehnologiki ösüşde hem uly mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup hyzmat eder.

Geljekde, Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde halkara “iki diplom” bilim maksatnamasy boýunça bakalawrlary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri