Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy.
Milli parlamentiň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimize döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlaryň kanunçykaryjylyk işine işjeň gatnaşmagy üçin berilýän goldawlar barada nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýaş parlamentariler topary, ýaşlar guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler we 2025-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara parlament we ýaşlar forumlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Forumyň barşynda Parlamentara Bileleşigiň wekili Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň düzüminiň aglaba böleginiň ýaşlardan ybaratdygyny aýratyn nygtady we ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny goldamakda alnyp barylýan işe ýokary baha berdi.
Şeýle hem çykyşlarda häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolan ylym-bilimiň ösdürilmegi, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda ýaşlaryň başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakda halkara guramalaryň möhüm orny barada durlup geçildi. Ýaşlaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek bilen birlikde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň, şol sanda bilim maksatnamalaryna we tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda ýaşlaryň mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy.
