Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen her gezekki pikir alyşmalarynyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada durlup geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini belledi we ýurdumyzda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumlara, mejlislere, duşuşyklara aýratyn üns berýändigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin oňa hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrar.
Milli Liderimiz türkmen we rus dillerini öwrenmek, medeni mirasy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde hem amatly şertleri döretmek babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer gün tertibini mundan beýläk-de bilelikde ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz Russiýada türkmen diline, edebiýatyna, sungatyna aýawly çemeleşilýändigi we olaryň wagyz edilmegine berilýän goldawlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de öz gezeginde, türkmen tarapynyň Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak ýaly ulgamda bilelikdäki taslamalary dowam etdirjekdigini aýtdy. Russiýada Magtymguly Pyragynyň, Türkmenistanda bolsa A.S.Puşkiniň, F.M.Dostoýewskiniň ýadygärlikleriniň oturdylmagy türkmen we rus halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiz özara dostlugy alamatlandyrýan taryhy wakalary we seneleri, döredijiligi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşan şahsyýetleri ebedileşdirmek ugrunda mundan beýläk-de bilelikde iş alnyp baryljakdygyny belledi hem-de Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.
