JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu bolsa, Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Diýarymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäreleriniň, şol sanda welosipedli ýörişleriň yzygiderli geçirilmegi diňe bir jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Sport çäresine gatnaşyjylar welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Şanly sene mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Ýygnananlaryň arasynda welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri bar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, hemmeler Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen sazlaşykly herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi