JEMGYÝET

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, metjidiň daş-töwereginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şeýle hem il içinde Allanyň öýi hasaplanýan metjidiň gümmeziniň reňk aýratynlyklaryny synlady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, şol bir wagtyň özünde binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, bu ýeriň arassaçylygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag  şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň maslahatlaryndan ugur alnyp, täze metjidiň gurluşyk işleri barada maglumat berdi. Şeýle hem bu ýerde 30 müň orunlyk metjide ýazyljak namazlyk halynyň görnüşleri görkezildi. Metjidiň namazlyk halysynyň Arkadag şäherine kybap reňkde bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu işde din wekilleri bilen maslahatlaşylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Related posts

“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türk İhraç ürünleri Fuarı Aşkabat’ta yapılacak

vepa

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri