BILIM

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

CIFE Ýewropa instituty, zähmet çekip ýören hünärmenler üçin niýetlenen abraýly “Executive Master in EU Studies” maksatnamasyny hödürleýär.

Maksatnamanyň esasy aýratynlyklary:

Dowamlylygy: 2 ýyl

Okuwyň görnüşi: 80% onlaýn, 20% ýüzbe-ýüz

8 dynç günündäki okuw sapagy: Barselona, Berlin, Brýussel, Budapeşt, Nissa, Rim we Wena

Dili: iňlis dili

Kreditleri: 60 ECTS

Okuw tölegi we grantlar:

Okuw tölegi: ýylda €5,500

Irki ýüz tutma ýeňilligi: 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli tabşyrylan resminamalar üçin 10% arzanladyş

Grantlar: üstünlik we zerurlyk esasynda elýeterlidir

Okuw tölegi okuw materiallaryny, onlaýn platforma elýeterliligini we Yewropadaky okuw sapaklary döwründe ýaşaýyş çykdajylaryny öz içine alýar

Tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 5-nji sentyabry

 

Related posts

 Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze mekdepler açylar

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”