Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani öz ýurdunda bolup geçýän wakalar mynasybetli metbugat duşuşygy geçirdi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.
Ýerli hem-de ýurdumyzdaky daşary ýurtly köpçülkleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat brifinginde Eýranyň ilçisi Ruzbehani öz ýurdunda bolup geçýän wakalara barada maglumat berdi.
Ilçi Ýakyn Gündogar sebitinde ýüze çykan wakalaryň döwründe Eýrandaky daşary ýurtly raýatlaryň öz watanyna howpsuz ýagdaýda dolanmagy üçin uly tagallalar eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz hoşallygyny bildirdi.

Şeýle hem ilçi türkmen tarapyndan Eýranyň halkyna hem-de hususan-da çagalara niýetlenip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradylandygy üçin hem hoşal bolandyklaryny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýandygyny belläp, häzirki wagtda iki ýurduň serhetlerindäki 4 gümrük nokadynyň kadaly işlerini dowam etdirýändigini, ol ýerden ýükleriň daşalmagyna mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Ilçi Eýranyň hem-de Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleriniň möhümdigini belläp, bu ýerlerden dünýäniň dürli sebitlerine ýükleriň daşalmagynyň ykdysady taýdan hem öz bähbitliligi bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.
Metbugat duşuşygynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ilçä ýüzlendiler. Eýranyň ilçisi hem öz gezeginde bu sowallara jogap bermek bilen öz ýurdunyň sebit hem-de goňşy döwletler bilen hemişe hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de bu ýurtlar bilen yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändiklerini belledi.
Metbuagt duşuşygy mukaddes Oraza aýynyň çäklerinde geçirilendigi üçin Eýranyň ilçihanasy tarapyndan oňa gatnaşyjylara agzaçar sadakasy guraldy.
