2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy boldy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtadylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary täze mazmuna eýe boldy.
Ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmekde, sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmekde, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerinde başlangyçlary özara goldamakda yzygiderli ýokary derejeli gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Hususan-da, taraplar ulag-logistika gatnaşyklaryny berkitmek, multimodal ulag geçelgelerini giňeltmek we serhetüsti amallary ýönekeýleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara gatnaşyklarynda medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Diplomatlar halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmek üçin bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, döredijilik alyş-çalyşlarynyň we bilim başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ähli esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw we yzygiderli gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
