Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar üçin synagly bolup biler. Iş ýerinde garaşylmadyk meseleleriň ýüze çykmagy ähtimal. Kärdeşler bilen pikir alyşmalarda dartgynly ýagdaýlar döremegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda gyssagly netije çykarmakdan gaça durup, meseläni giňişleýin seljermek dogry bolar.Maliýe meselelerinde uly töwekgelçiliklerden saklanmak maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar birneme ýeňilleşer. Şahsy durmuşda bolsa ýakynlaryňyzyň goldawy size ruhy durnuklylyk berer. Agşam wagtyňyzy dynç almaga we saglygyňyza üns bermäge sarp etmek peýdaly bolar.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar üçin bu gün netijeli geçmegi mümkin. Öň meýilleşdiren işleriňizi ýerine ýetirilmegi, täze hyzmatdaşlygyň başlanmagy ähtimal. Hünär babatda möhüm duşuşyklar üstünlikli geçer. Şeýle-de bolsa, maliýe taýdan gereksiz çykdajylardan saklanmak zerurdyr.Şahsy durmuşda sazlaşyk we düşünişmek höküm sürer. Günüň ikinji ýarymy uzak wagt bäri çözülmän galan meseleler barada açyk gürrüňdeşlik geçirmek üçin amatly pursat.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar üçin by gün döredijilikli çemeleşmäniň peýdaly boljak güni. Täze pikirler öňe sürmek, taslamalara üýtgeşmeler girizmek üçin amatly döwür. Şeýle-de bolsa, ähli resminamalary we maglumatlary üns bilen barlamak zerurdyr. Günüň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýyňyzda ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler, emma oýlanyşykly hereket edilse, bu meseleler tiz wagtda çözüler. Şahsy gatnaşyklarda açyklyk we ynam möhüm rol oýnar.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar üçin günüň ilkinji ýarymy aýratyn üstünlikli bolar. Resmi gepleşikler we möhüm duşuşyklar üçin amatly döwürdir. Günortadan soň bolsa emosional ýagdaýyň üýtgemegi mümkin. Şonuň üçin sabyrlylyk we diplomatiýa zerur bolar. Günüň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklarynda düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin her bir meseläni parahatçylykly çözmek maslahat berilýär. Maliýe taýdan howlukmaç kararlary kabul etmekden saklanmak zerurdyr.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler üçin bu gün täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirer. Hünär babatda öňe gitmek, täze ugurlary öwrenmek mümkinçiligi bar. Şeýle-de bolsa, üstünlikleriňiz käbir adamlaryň ünsüni çekip biler. Şonuň üçin öz işleriňizi anyk we aç-açan alyp barmak möhümdir.Şahsy durmuşda romantik ýagdaýlaryň güýçlenmegi mümkin. Täze tanyşlyklar geljekde möhüm orny eýeläp biler.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler üçin tertip-düzgün esasy faktor bolar. Käbir meseleleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Hünär taýdan täze jogapkärçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Günüň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýyňyzda durnuklylyk saklanyp bilner, ýöne her bir çykdajy oýlanyşykly edilmelidir. Maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşyklarda sabyrlylyk peýdaly bolar.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlar üçin bu gün deňagramly geçer. Hünär babatda täze maglumatlar we mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, ýagdaýy doly seljermezden karar kabul etmek maslahat berilmeýär.Şahsy gatnaşyklarda köne meseleleriň gaýtadan gozgalmagy mümkin. Açyk we dogruçyl gürrüňdeşlik ýagdaýy gowulaşdyrar.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar üçin bu gün işjeňlik we netijelilik bilen tapawutlanar. Täze taslamalar üstünlikli başlanyp bilner. Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda artykmaç emosional reaksiýalardan saklanmak zerurdyr.Maliýe taýdan kiçi üstünlikler we peýdaly ylalaşyklar mümkin. Şahsy durmuşda bolsa sabyrlylyk we düşünişmek esasy orunda bolar.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar üçin bu gün göreşli ýagdaýlary getirip biler. Şeýle-de bolsa, akylly hereket ähli kynçylyklary ýeňip geçmekde kömek eder. Hünär babatda täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler, ýöne olaryň her birini üns bilen seljermek zerurdyr.Maliýe meseleleriňizde ownuk girdejilere garaşylýar. Maşgala gatnaşyklarynda bolsa sabyrly bolmak möhüm bolar.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Jediler üçin bu gün meýilnamalaryny täzeden seljermek amatly bolar . Iş ýerňizde täze maglumatlar peýda bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda çalt däl-de, oýlanyşykly karar kabul etmek zerurdyr.Şahsy durmuşda ýakymly habarlar we oňyn ýagdaýlar garaşylýar. Günüň ikinji ýarymynda maliýe taýdan durnuklylyk saklanyp bilner.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Daluwlar üçin döredijilikli başlangyçlar öňe çykar. Täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, ähli teklipleri üns bilen seljermek zerurdyr.Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk we parahatçylyk saklanar. Agşam dynç almak üçin amatly bolar.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin bu gün energiýadan doly gün bolar. Şeýle hem hünär taýdan öňe gitmek üçin mümkinçilikler dörär. Şeýle-de bolsa, ähli täze başlangyçlarda oýlanyşykly hereket etmek zerurdyr. Günüň ikinji ýarymynda
şahsy durmuşyňyzda möhüm gürrüňdeşlikleriň geçirilmegi mümkin. Maliýe taýdan girdejiniň artmagy hem ähtimal.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
