SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Günüňizi aýratyn töwekgelçilikli işler bilen başlamagyňyz maslahat berilmeýär, batyrgaý pikirleriňizi durmuşa geçirmekde howlukmaň. Iň bolmanda günortä çenli seresap hereket etmek peýdaly bolar  şeýle etseňiz, köp ownuk kynçylyklardan we göwnüňize degip biljek ýalňyşlyklardan gaça durarsyňyz. Aragatnaşyk taýdan hem irden o diýen ýakymly bolmaz: ownuk sebäpler boýunça jedeller, işde we öýde düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Üstesine, siz dartgynly ýagdaýy ýumşatmak däl-de, tersine, ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrmaga meýilli bolup bilersiňiz. Özüňizi has parahat keýpe sazlamaga synanyşyň.Günüň ikinji ýarymyndan   oňyn meýilleriň täsiri güýçlener. Köp Hamallar üçin hakykatdanam gyzykly bir iş bilen meşgullanmak ýa-da geljegi uly taslama üns bermek mümkinçiligi dörär. Üstünlik özüni uzak garaşdyrmaz, gazanan netijäňiz sizi begendirer.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Irden aladaly bolar, üstesine diňe öz işleriňiz däl, başgalaryň işleri bilen hem meşgullanmaly bolarsyňyz. Başgalaryň goýberen ýalňyşlaryny düzetmeli bolup, öz pikirleriňizi wagtlaýyn yza süýşürmeli bolmagyňyz mümkin. Şeýle ýagdaýlara garamazdan, Sowurlar hoşniýetli we optimistik ruhy saklap bilerler. Bu bolsa töweregindäkilere derrew täsir eder. Ozal sowuk gatnaşan adamlar hem aragatnaşyk gurmaga isleg bildirip bilerler.Günüň ikinji ýarymy has amatly bolar, hoş habarlary we oňyn duýgulary getirer. Köne dostlaryňyz bilen duşuşmaga mümkinçilik dörär, gürrüňlerden köp gyzykly zat öwrenersiňiz. Söýgi duşuşygy hem lapykeç etmez.Şeýle hem  maliýe ýagdaýyňyza üns beriň. Bu gün duýdansyz satyn alyşlar döräp biler. Emma paýhasly tygşytlylyk örän peýdaly bolar.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün  iş ugrunda kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin. Esasan başgalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alýan ýa-da olaryň işini guramaçylyga alýan Jöwzalar üçin kyn bolar. Köp adamyň bähbidini göz öňünde tutup, çylşyrymly meseleleri çözmeli bolarlar. Beýleki Jöwzalar bolsa öz maksatlaryna ünsi jemläp bilerler.
Maliýe taýdan gün amatly bolar. Täze çeşmelerden girdeji gelmegi ýa-da girdejiniň artmagyna mümkinçilik berýän teklipleriň bolmagy mümkin. Telekeçi Jöwzalar üstünlikli şertnamalar baglaşarlar.Şahsy gatnaşyklarda hem oňyn täsir güýçli bolar. Söýýän adamlaryňyz size  gowy düşüner we köp ýagdaýda olaryň islegine laýyk hereket edersiňiz. Maşgala düşünişmezlikleri bar bolsa, bu gün ylalaşyk gazanmak mümkin. Günüň ikinji ýarymynda  söýýänler we ilkinji duşuşyga barýanlar üçin ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bolar.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Günden aşa uly zatlara garaşmasaňyz, ýagdaý o diýen erbet bolmaz. Çalt meýilnama düzüp, nirä hereket etmelidigini kesgitläp bilersiňiz. Gelýän maglumatlaryň hemmesini barlaň.Ýalňyş maglumat ýa-da bilkastlaýyn aldaw bolup biler. Täze tanyşlaryň gaty özüne çekiji wadalaryna hem ynanmaň.Irden düşünişmezlikler köp bolup biler, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga howlukmaň. Soň ýagdaý gowulaşar, sizi has üns bilen diňlärler.Günüň ikinji ýarysy ýakymly duşuşyklary wada berýär. Köne aragatnaşyklary dikeltmek mümkinçiligi dörär.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Adamlar bilen düşünişmek ukybyňyz aýratyn peýdaly bolar. Şol arkaly täze hyzmatdaşlary taparsyňyz, täsirli adamlaryň goldawyny gazanarsyňyz, hatda öňki garşydaşlaryňyzy hem öz tarapyňyza çekip bilersiňiz. Käbir Esetler  başgalara kömek etmek üçin öz bähbidini wagtlaýyn yza süýşürmeli bolarlar.Ýakymly tanyşlyklar we ýatda galyjy duşuşyklar bolup biler. Täze maglumat alyp, öň düşnüksiz bolan soraglaryňyza jogap taparsyňyz.Günüň ikinji ýarymy  syýahat üçin amatly gün. Uzak ýere gitmeseňiz hem, gündelik işlerden az wagtlyk daşlaşmak peýdaly bolar.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Irden örän gowy habarlar geler. Käbir Sünbüleler  möhüm ýeňiş gazanandygyny öwrener, beýlekiler bolsa aladalanýan adamlary barada habar alarlar.Günüň birinji ýarymy möhüm işler üçin amatly bolar. Wakalar meýilnamany üýtgetmegiň wagty gelendigini görkezmegi mümkin. Şeýle hem möhüm iş gatnaşyklaryny berkitmek mümkinçiligi bolar.Soňra oňyn täsir birneme peseler. Duýgur Sünbüleler aladalanyp bilerler. Garaşylmadyk meseleler we dartgynly gürrüňler ýüze çykmagy mümkin. Öýdäki ownuk düşünişmezlikler bolsa çalt çözülip bilner.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün iň ýeňil gün bolmaz, aýratyn-da köp üstünlik gazanmak isleýän we muny mümkin boldugyça tiz ýerine ýetirmäge çalyşýan Mizanlar üçin. Gijikmeler, kynçylyklar hem-de garaşylmadyk wakalar bolup biler. Şol sebäpli käbir meýilnamalaryňyzy yza süýşürip, başga meselelere üns bermeli bolarsyňyz. Size çeýelik, ýagdaýlara uýgunlaşmak, ýerinde çözgüt tapmak we dörän mümkinçiliklerden peýdalanmak ukyby örän gerek bolar.Köne gatnaşyklary dikeltmäge we öň dartgynly bolan aragatnaşyklary gowulandyrmaga mümkinçilik dörär. Ozal pikirleriňize şübheli garaýan adamlar bu gezek has gyzyklanma bildirerler we zerur ýagdaýda goldaw bererler. Günüň ikinji ýarymynda gereksiz çykdajylardan gaça durmagyň ýoluny taparsyňyz we maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmagyň täze usullaryny oýlap bilersiňiz.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Örän gowy işlemek isleýärsiňizmi? Onda bu gün size ýarar. Birnäçe çylşyrymly meseläni çözmäge, özüňiz hem-de başgalar üçin peýdaly işler etmäge mümkinçilik bolar. Hemme zat aňsat bolmaz, ýöne kynçylyklaryň öňünde yza çekilmersiňiz, güýçli tutanýerlilik görkezeriňiz. Käbir Akraplar  garaşanyndan hem ýokary netijeleri gazanarlar.Günüň ortasynda döreýän pikirleriňize üns beriň. Olary derrew amala aşyrmak mümkin bolmasa-da, soň hökman şol meýillere dolanarsyňyz. Şol wagta çenli täze hyzmatdaşlar peýda bolar we olara ynanyp bilersiňiz.Okuw ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen meşgullanýanlar üçin hem amatly gün. Täze maglumatlary ýeňil özleşdirersiňiz, öň çylşyrymly görünýän zatlara düşünip bilersiňiz. Şu gün alnan bilimleriňiz  ýakyn wagtda peýda getirer.Günüň ikinji ýarymy möhüm gepleşikler we duşuşyklar üçin örän amatly bolar.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Çylşyrymly işlere ýeke özüňiz girişmäge howlukmaň. Bu gün bilelikde hereket etmek has netijeli bolar. Hyzmatdaşlary we kömekçileri tapmak kyn bolmaz. Meýilnamalaryňyz hem maksatlaryňyz barada gürrüň bermäge çekinmäň, üstünlikleriňizi hem agzamagy unutmaň. Paýhasly özüňizi görkezmek iş taýdan peýdaly bolar. Mümkin, hut şonuň netijesinde täze iş taparsyňyz ýa-da peýdaly şertnamalary baglaşarsyňyz.Şeýle hem maliýe taýdan üstünlikli gün bolar. Täze çeşmelerden pul gelip biler. Belki mukdar uly bolmaz, ýöne örän ýerlikli wagtda alarsyňyz. Üstünlikli satyn alyş etmek ýa-da ýakynlaryňyza ýakymly sowgat taýýarlamak mümkinçiligi bolar.Günüň ikinji ýarymy  güýmenje ýa-da hünär çärelerine gatnaşýan Kowuslar üçin gyzykly duşuşyklary wada berýär. Şeýle wekiller aýratyn özüne çekiji bolar we üns merkezinde durarlar. Täze tanyşlyk romantik gatnaşyklaryň başlanmagyna sebäp bolup biler.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Sizi gyzykly we uly mümkinçilikli gün garaşýar. Güýçli içki duýgyňyz garaşylmadyk ýagdaýlarda nädip hereket etmelidigini tiz düşünmäge kömek eder. Uzak wagt bäri öňe gitmeýän işlerde öňegidişlik bolup biler. Gerekli netijä ýetmek üçin zähmet çekmeli bolarsyňyz, ýöne garaşanyňyzdan hem ýokary üstünlik gazanarsyňyz.
Käwagt töweregindäkiler bilen düşünişmezlik ýüze çykyp biler. Ähli Jediler  hyzmatdaşlardan doly goldaw almaz. Emma şeýle-de bolsa, özbaşdak hereket edip hem ajaýyp netijelere ýetip bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymy hünär gatnaşyklary taýdan has amatly bolar. Köne aragatnaşyklary dikeltmek mümkinçiligini sypdyrmarsyňyz.Täze tanyşlyklara garşy däl Jediler üçin aragatnaşyk çägini giňeltmek mümkinçiligi bolar. Ykbal çözüji duşuşyklar we romantik gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Möhüm işe girişmek isleýärsiňizmi? Onda çynlakaý çemeleşiň we howlukmaň. Bu gün üstünlik çalt gelmez, wakalar adatdakysyndan haýal ösüp biler.  Sabrly bolsaňyz, wagtynda gerekli netijäni gazanarsyňyz. Okuwçylar, mugallymlar we ylmy iş bilen meşgullanýanlar üçin gowy habarlar bolar.Maliýe meselelerinde seresap boluň. Karz bilen satyn alyş etmek maslahat berilmeýär. Zerurlyk bolmasa, karz almaga-da howlukmaň.Günüň ikinji ýarymy  dynç almak, güýmenje syýahatlary we ýagdaýy üýtgetmek üçin amatlydyr. Dostlary ýa-da ýakynlary bilen bir ýere gidýän Daluwlar  wagtyny örän gowy geçirerler.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
Gün örän gowy başlar. Birinji ýarysy dürli işler we öňden tanş bolan hem täze meseleler üçin amatlydyr. Uzak wagt bäri başarmaýan zatlaryňyzy ýerine ýetirip bilersiňiz. Käbir Hutlar  hemmeleriň başyny aýlan soraglara garaşylmadyk jogap taparlar.Näme bilen meşgullansaňyz-da, üstünlikleriňiz ünsden düşmez. Ozal size şübheli garan adamlar hem gazananlaryňyza üns bererler. Tiz wagtda gyzykly teklipleriň gelmegi mümkin.
Günüň ikinji ýarymynda käbir Hutlar  üçin maliýe taýdan ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bolar. Uzak dowam eden gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy mümkin.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

20-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Aýyň täleýnamasy 2026: Fewral

Ata Watan Eserleri

17-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2026;Hepdelik täleýnama (16-njy -22-nji fewral)

16-njy Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

8-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama