MEDENIÝET

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov