Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurduň 2025-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada täjik metbugaty habar berýär.
Mejlisdäki çykyşynda Premýer-ministr Kohir Rasulzoda ählumumy derejedäki çylşyrymly kynçylyklara garamazdan, 2025-nji ýylyň Täjigistan üçin üstünlikli ýyl bolandygyny belledi.
— Hasabat döwründe jemi içerki önümiň möçberi 176,9 mlrd somoni (takmynan $19 mlrd) boldy, onuň ösüş depgini 8,4% derejesinde üpjün edildi — diýip, ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy belläp geçdi.
2025-nji ýylda döwlet býujetiniň girdejileri 60,3 mlrd somoni (takmynan $6,48 mlrd) boldy, bu meýilleşdirilenden 7 mlrd somoni köpdür. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 59,5 mlrd somonä ($6,3 mlrd) ýetip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Umumy haryt dolanyşygynyň möçberi 14% ösüp, 77,3 mlrd somonä ($8,31 mlrd) ýetdi.
Ýurtda 400 täze senagat kärhanasy, 38 çagalar bagy, 214 umumy bilim berýän mekdep, 113 saglygy goraýyş edarasy ulanmaga berildi hem-de 280 müň täze iş orny döredildi.
2025-nji ýylyň jemlerini jemläp, Prezident Emomali Rahmon hökümete strategik maksatlara ýetmek we ýurduň ykdysady ösüşini azyndan 8% derejesinde üpjün etmek maksady bilen işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
