Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bılen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň başynda taraplar biri-birini ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk dileglerini aýtdylar. Özbegistanyň döwlet Baştutany, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň mähirli gutlaglaryny ýollady.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäginde türkmen-özbek dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine seredildi.
Ähli derejelerdäki işjeň gatnaşyklar kanagatlanma bilen bellenildi. Özara haryt dolanyşygynyň we ýük daşamalarynyň möçberleri durnukly ösýär. Energetika, senagat, oba we suw hojalygy, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gerimi giňeýär. «Şawat–Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilendigi bellenildi. Sebitara, işewürlik we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlar has-da işjeňleşdi.
Taraplar şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Awazada geçirilen ýokary derejeli sammitleriň we Aşgabatdaky forumyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn nygtady.
Geljek ýyldaky duşuşyklaryň tertibi gözden geçirildi we halkara hem-de sebit derejesindäki çäreleri bilelikde geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
