SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

25-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  25-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallar üçin iş we şahsy durmuşy  bilen bagly meselelerde jogapkärçilik duýgusy has güýçli bolar. Bu wagt öň başlan işleriňizi tamamlamak üçin amatly pursatdyr. Töweregiňizdäki adamlar siziň pikirleriňize we teklipleriňize üns bererler. Maliýe babatda tygşytly bolmak maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda  dynç almak  üçin wagt tapmak peýdaly bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün  Sowurlar üçin durnukly we rahat gün bolup biler. Iş ýerňizde  öňden bar bolan meseleleriňiziň oňyn çözgüdini taparsyňyz. Bu wagt ýakyn adamlaryňyz  bilen gatnaşyklaryňyzy  pugtalandyrmak üçin amatly pursatlar dörär. Maddy meseleleriňizde  garaşylmadyk çykdajylar bolup biler, şonuň üçin hasap-hesipli hereket etmek has zerurdyr.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün täze maglumatlar we gyzykly habarlar sizi begendirip biler. Aragatnaşyk, gepleşikler we duşuşyklar üstünlikli geçer. Şeýle-de bolsa, wadasyny ýerine ýetirmeýän adamlara aşa ynanmakdan saklanyň. Özüňizi ruhy taýdan güýçlendirmek üçin döredijilik bilen meşgullanmak maslahat berilýär.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar üçin bu gün duýgular öň planda bolar. Maşgala meseleleri we öý bilen bagly işler ünsüňizi çekip biler. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen syýahat etmek has üstünlikli bolar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün özüňizi görkezmek we başarnyklaryňyzy subut etmek üçin amatlydyr. Iş ýeriňizde  ýolbaşçylaryňyz  tarapyndan ýokary baha alyp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa,  aşa köp zähmet çekmekden gaça duruň. Güniň ikinji ýarymynda  dostlaryňyz bilen duşuşyk ýa-da dynç alyş size ruhy rahatlyk getirer.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler üçin bu gün  tertip-düzgün we meýilnama bilen baglanyşykly bolar. Işleriňizi öňünden meýilleşdirmek size uly peýda getirer. Maliýe meseleleriňizde  täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, möhüm kararlary kabul etmezden ozal ähli jikme-jiklikleri gözden geçiriň.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün hyzmatdaşlyklar we bilelikdäki işler üstünlikli bolar. Töweregiňizdäki adamlar bilen ylalaşyk gazanmak aňsatlaşar. Şahsy durmuşda bolsa düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin sabyrly bolmak zerurdyr.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Häzirki wagtda size dynç almak, biraz öňki işleriňizden açylyşmak zerur bolup biler. Teatra ýa-da konserte gezelenç etmek, dostlaryňyza baryp görmek ýa-da özüňiziň myhman almagyňyz size gowy wagt geçirmäge we zehiniňizi görkezmäge mümkinçilik berer. Şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk wakalaryň ýüze çykmagy gaty ähtimaldyr.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün täze meýilnamalaryňyz barada pikirlenmek  üçin amatlydyr. Syýahat ýa-da täze bilim almak bilen bagly pikirler  hem döräp biler. Maliýe babatda ýeňil girdejiler mümkin, emma töwekgelçilikli ädimlerden saklanyň.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler  üçin bu gün  işjeň we jogapkärçilikli gün bolar. Iş ýeriňizde  möhüm meseleler size ynanylyp tabşyrylyp biler. Şeýlew hem  sabyrlylyk we tutanýerlilik  size üstünlikleri  getirer.Güniň ikinji ýarymynda şahsy durmuşdyňyzda  bolsa ýyly we mähirli pursatlara garaşylýar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün adaty bolmadyk pikirler we täze çözgütler ýüze çykyp biler. Iş ýeriňizde döredijilikli çemeleşme üstünlikleri  getirer. Dostlaryňyz  bilen gatnaşyklarda ýakymly pursatlar peýda  bolar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar  bu gün rahatlyk we içki deňagramlylyk bilen tapawutlanarlar. Şeýle hem ruhy taýdan özüňizi has ýeňil duýarsyňyz.Bu wagt döredijilik işleri, sungat ýa-dapikirlenmek üçin amatly pursatdyr. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen mähirli gatnaşyklaryňyz has-da berkerär.

Ýene-de okaň

2025;Hepdelik täleýnama (29-njy dekabr -04-nji ýanwar )

30-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

26-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama