SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2025;Hepdelik täleýnama (22-nji-28-nji dekabr )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Hepdäniň başy ruhubelentlik, döredijilikli ylham we durmuşyň ähli ugurlarynda täze açyşlar bilen tapawutlanar. Şeýle-de bolsa, bu döwür birneme dartgynly bolup biler, sebäbi adatça sizi artykmaç aladalardan goraýan optimizm bu gezek negatiw duýgulary doly ýeňip geçmäge ýeterlik bolmazlygy mümkin. Örän möhüm kararlar kabul etmeli bolsa, howlukmaň, ýagdaýy içgin seljeriň, ähli taraplaryny ölçäp görüň.
Hepdäniň ortasynda özbaşdak işlemäge has köp üns bermek we gereksiz gürrüňlerden daşda durmak maslahat berilýär. Hatda hünär taýdan peýdaly ýaly görünýän işler  hem netijesiz bolup biler.
Hepdäniň soňy ýeňil we ýakymly geçer. Soňky günler iş, dynç alyş, maşgala bilen gatnaşyklar hem-de döredijilik üçin deň derejede amatlydyr. Göwnüňiz näme islese, şony edip bilersiňiz  ähli işler üstünlikli bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu hepde umuman alanyňda oňyn täsirleriň agdyklyk etmegi bilen häsiýetlener. Elbetde, ähli işler hemişe aňsat bolmaz, ýöne köp başlangyçlarda üstünlik gazanyp, gowy keýpiňizi saklap bilersiňiz. Ýakynlaryňyzyň  goldawy hem size  uly güýç  berer.Hepdäniň başynda esasy howp dürli ugurlar  bilen baglanyşyklydyr.Emma siz olara garşy durup bilersiňiz, ýöne käwagt bu aňsat bolmaz. Şeýle hem wagtlaýyn maliýe kynçylyklary ýüze çykyp biler.Hepdäniň ortasy ýolbaşçylyk ukyplaryňyzy görkezmek, pikirdeşleri bir ýere jemlemek we täze möhüm işe başlamak üçin iň amatly wagtdyr. Kärýerada uly öňe gidişlik mümkin. Islendik görnüşdäki gatnaşyk peýdaly bolar, hatda resmi däl aragatnaşyklar hem hünär taýdan size uly peýda getirip biler.
Hepdäniň soňy üstünlikli geçer. Energiýaňyz ep-esli artar.Emma töweregiňizdäkiler siziň hereketleriňizi agressiw kabul edip bilerler. Ýakyn adamlaryňyza has ýumşak çemeleşiň şonda gatnaşyklaryňyzda sazlaşyk bozulmaz.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Hepde örän üstünlikli başlar, şonuň üçin bu mümkinçiligi elden bermäň. Siz diňe özüňize däl, eýsem başgalara-da peýda getirýän işlerde uly üstünlik gazanyp bilersiňiz. Käbir çylşyrymly meseleleri çözmeli bolarsyňyz, ýöne içki duýgyňyza ynanyp bilersiňiz.Şeýle hem işewürlik ukybyňyz güýçli bolar we birnäçe girdejili şertnamalar baglaşmagyňyz mümkin. Ýakymly duşuşyklar, işdeşler we hyzmatdaşlar bilen peýdaly söhbetdeşlikler garaşylýar. Hatda meýilleşdirilmedik saparlar hem üstünlikli geçer.Hepdäniň ikinji ýarymy öňe gitmäge päsgel beren borçlardan we çäklendirmelerden azat bolmak döwrüdir.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Hepdäniň başy birneme aladalydyr, ýöne siz bu duýgulary dolandyrmaga ukyply. Bu döwür täze maksatlary kesgitlemek we olara nädip ýetmelidigini meýilleşdirmek üçin amatlydyr. Derrew hereket etmek hökman däl, esasy zat — oňyn ruhda bolmakdyr.Öz üstünligiňizi we gazanan netijeleriňizi özüňize ýatladyp duruň. Bu döwür başgalaryň tejribesini öwrenmek, täze zatlary özleşdirmek üçin örän amatlydyr.Hepdäniň ortasynda dynç almak, şadyýan wagt geçirmek üçin mümkinçilikler artar. Hepdäniň soňy jemgyýetçilik çäreleri, dostlar bilen duşuşyklar üçin örän amatlydyr. Ýadawlyk duýsaňyz hem, gezelenje ýa-da kiçi syýahata çykmakdan ýüz öwürmäň bu size täze güýç berer.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu hepde özüňize, içki islegleriňize we duýgularyňyza aýratyn üns beriň. Özüňiz bilen sazlaşykda bolmak iň möhüm şertdir. Şonda beýleki ähli işler öz-özünden ugruna düşer.Hepdäniň birinji ýarymy iş babatda üstünlikleri getirer. Şeýle hem durnuklylyk we maksada okgunlylyk görkezseňiz, kärýerada öňe gitmek mümkinçiligiňiz artar. Ozal hyzmatdaşlyk eden adamlaryňyz  bilen maslahat ediň  ol häzir size peýdaly bolar.
Hepdäniň ikinji ýarymynda siziň tebigy özüne çekijiligiňiz köp ýagdaýda kömek eder. Ony diňe şahsy däl, eýsem iş gatnaşyklarynda hem üstünlikli ulanyp bilersiňiz. Täze tanyşlyklar, romantik gatnaşyklaryň başlanmagy hem ähtimal. Käbir Esetler nikalaşmak baradaky pikirleri hem ara alyp maslahatlaşyp bilerler.Bu  wagt munuň üçin amatly.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Hepdäniň başy örän işjeň geçer. Siz hemişe üns merkezinde bolarsyňyz, başgalaryň meselelerini çözmeli, dawa-jenjelleri ýumşatmaly bolarsyňyz. Siz elmydama iň gowy taraplaryňyzy görkezýärsiňiz, emma käwagt öz meseleleriňize wagt tapmak kynlaşýar.Bu wagt siz dostlaryňyzdan kömek sorap bilersiňiz.
Hepdäniň ortasynda käbir Sümbüleler  adamlaryň nankörlügi barada oýlanyp bilerler. Siz kömek eden adamlaryňyzyň size zyýan ýetirip biljekdigi göwnüňizi agyrdar. Şeýle pursatlarda öz işiňize we şahsy maksatly işleriňize ünsi jemlemek has dogry çözgütdir. Ýakyn we ynamdar adam bilen söhbetdeşlik hem ruhy taýdan goldaw berer.Hepdäniň soňy örän şowlydyr. Şahsy durmuşda oňyn üýtgeşmeler, romantik gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin. Bu döwür nikalaşmak üçin hem örän amatly hasaplanýar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Hepdäniň başynda sözleriňize we hereketleriňize aýratyn üns beriň. Howlukmazdan, ähli ýagdaýlary sowukganly baha berip hereket etseňiz, maksadyňyza ýetersiňiz. Bu döwür özbaşdak işlemek üçin amatlydyr, sebäbi hatda ygtybarly adamlardan hem garaşylmadyk päsgelçilikler bolup biler.
Hepdäniň ikinji ýarymy romantik başdan geçirmeler bilen baý bolar. Käbir Mizanlar bu wagt  başgalaryň ünsüni özüne  çekip bilerler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Hepdäniň başynda güýçli energiýany duýarsyňyz. Bu size iň kyn işleri hem üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Ýagdaý nähili bolanda-da, siz ondan peýda çykarmagy başararsyňyz.
Bu mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin dostlukly gurşaw örän möhümdir. Siz ruhy taýdan ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşygyňyzy  saklaň.Hepdäniň ikinji ýarymy hyzmatdaşlary gözlemek, umumy maksatlary bolan adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatlydyr. Jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak täze peýdaly tanyşlyklary döretmäge hem kömek eder.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu hepde durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn tendensiýalar agdyklyk eder. Hepde ýeňil we şadyýan geçer. Täze pikirler, gyzykly işler we täsirli tanyşlyklar ýüze çykar. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak mümkinçiligiňiz bar, girdejileriň artmagy ähtimal.Hünär taýdan üstünlik gazanmak üçin sabyrlylyk gerek bolar, ýöne bu siziň güýçli tarapyňyzdyr. Başda sizi goldamaýanlar soň siziň pikiriňiziň dogrudygyna göz ýetirip hyzmatdaşlaryňyza öwrüler.Hepdäniň ikinji ýarymy şahsy durmuşda oňyn üýtgeşmeler üçin amatlydyr. Duýgularyňyzy aç-açan beýan etmekden çekinmäň  sizi düşünerler we goldarlar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Näme bolanda-da, özüňizi ýitirmäň. Hepde biraz bulaşyk geçer, käbir günlerde hakyky başagaýlyk höküm sürer. Şeýle ýagdaýlarda asudalygy saklamak örän möhümdir.Hepdäniň birinji ýarymynda iş, öý we maşgala meselelerini bir wagtda çözmeli bolarsyňyz. Wagt örän gymmatly bolar, şonuň üçin anyk meýilnama zerurdyr. Şertnamalar baglaşmakda howlukmaň, borçnamalar alanyňyzda yza çekilmek üçin mümkinçilik galdyryň.Hepdäniň ikinji ýarymynda siziň işleriňiz  üns merkezinde bolar.Bu wagt çykyş etmek, pikirleriňizi paýlaşmak üçin amatly döwürdir. Siziň ukyplylygyňyz  köp  adamlar tarapyndan ýokary bahalandyrylar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Hepdäniň başy häzirki ýagdaýy seljermek üçin amatlydyr. Durmuşyňyzda bolup geçýän wakalara we töweregiňizdäki adamlara obýektiw baha bermäge çalyşyň. Howlukmaň, geçmişi ýatlap, häzirki ýagdaý bilen deňeşdiriň — bu geljekki meýilnamalaryňyzy anyklaşdyrmaga kömek eder.Hepdäniň ikinji ýarymy bolsa düýbünden başgaça geçer. Siz hakyky batyrgaý işler etmäge ukyply bolarsyňyz. Täze dostlar, hyzmatdaşlar ýüze çykar we saparlar öräm  üstünlikli bolar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu hepde gazananlaryňyzy goramak we işleriňizi berkitmek üçin amatlydyr. Geljekki iş berijiler, hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar üstünlikli geçer. Möhüm maliýe girdejileri, peýdaly şertnamalary baglanşmak  mümkin.
Hepdäniň ortasy işewürlik gatnaşyklary üçin iň gowy wagtdyr. Şeýle-de bolsa, dostlar bilen duşuşmak we söýgi gatnaşyklary üçin hem amatlydyr. Adamlar baradaky düşünjäňiz güýçli bolar. Käbir ownuk maliýe ýitgileri bolup biler, ýöne olar sizi ruhdan düşürmez.Hepdäniň soňy romantika we şadyýan aragatnaşyk bilen geçer. Ozal iş ýa-da umumy gyzyklanma bilen baglanyşykly bolan adamlar  bilen täze duýgular döremegi mümkin.

Ýene-de okaň

22-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

18-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama