BIZNES

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda-da dabaraly ýagdaýda gurlup, ulanylmaga tabşyrylýan medeni-durmuş maksatly, ykdysady taýdan ähmiýetli desgalaryň, önümçilik kärhanalarynyň sany has artýar.

Welaýatyň Bereket etrabynyň ”Nurly meýdan” daýhan hojalygynda-da gök önümler ösdürilip ýetişdirilýän döwrebap ýyladyşhana gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň buýurmasy esasynda gurlan täze, döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat, Bereket etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşululardyr mährem eneler, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.

Dabarada ýyladyşhananyň gurluşygynda has-da tapawutly zähmet çeken öňdebaryjy gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täsirli, şowhunly geçen dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlaryň hoş owazlary alyslara ýaň saldy.

Soňra il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, bu dabara gatnaşyjylar ýyladyşhananyň içine aýlanyp gördüler hem-de önümçilik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Nurly umman” hususy kärhanasynyň guran ýyladyşhanasynyň tutýan meýdany 10 gektara barabardyr. Daş-töweregi doly derejede abadanlaşdyrylan ýyladyşhananyň tehniki-kömekçi desgalary hem bar.

Şonuň ýaly-da döwrebap ýyladyşhanada Niderlandiýanyň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tehnikalary bilen birkemsiz üpjün edilipdir.

Onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidory öndürmäge niýetlenendir. Şu ýyl eýýäm ýyladyşhanada öňdebaryjy Ýewropa döwletlerinden getirilen pomidoryň saýlama tohumlary ekilip, önüm berip başlamagy hasam guwandyryjydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy

Hytaý «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýoly maliýeleşdirýär

Gazagystan 8 ýyldan soňra Gyrgyzystana nebit ibermäge başlady