SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2025;Hepdelik täleýnama (08-nji-14-nji dekabr )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Hepdäniň başy özüňiz üçin hem-de töweregiňizdäki adamlar üçin möhüm meseleleri çözmekden başlasaňyz, köp peýdaly işleri ýerine ýetirip bilersiňiz. Özbaşdak hereket etmek hökman däl: köne hyzmatdaşlaryňyza daýanmak, olar bilen meýilnamalary maslahatlaşmak we maslahat soramak peýdaly bolar. Täze tanyşlar bilen hem düşünişmek ýeňil düşer, ýöne olara möhüm zatlary ynanmankaňyz, ilkinji nobatda olaryň hereketlerini üns bilen synlamak maslahat berilýär.Hepdäniň ortalarynda iş bilen baglanyşykly täze pikirler peýda bolup biler. Emma olary ýerine ýetirilmeklige howlukmazlyk maslahat berilýär ilki bilen giňişleýin maglumat toplap, meýilnamalaryňyzyň näderejede işjeňdigini seljermek zerur. Hepdäniň  ahyry maliýe ýagdaýyňyz üstünlikli geçer, aýratynda çykdajylaryňyzy öňünden meýilleşdirip, puluny tygşytly sarp etseňiz. 

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu hepde käbir köne işleri tertibe salmak, köp wagt sarp eden uly taslamalaryňyzy tamamlamak üçin amatly döwrüň biridir. Täze tanyşlaryňyz size işleriňizde  kömek berip biler. Köp Sowurlara  professional ugurda goldaw berjek, maslahat berjek ýa-da hyzmatdaşlyk etjek adamlar bilen duşuşarlar. Hepdäniň ortalarynda täze wezipelere girişmek hem mümkin, ýöne munuň üçin ilki bilen taýýarlygyňyzy güýçlendirip, ýagdaýy we öz mümkinçilikleriňizi dogry bahalandyrmak zerur bolar. Şeýle hem maşgala gatnaşyklarynda üýtgeşmeler bolup biler: gatnaşyklar has ýyly we ynamly häsiýete eýe bolar, düşünişmezlikler we jedeller geçmişde galar. Bu hepde umumy uzak möhletli meýilnamalary gürrüň etmek, geljekdäki ugurlary kesgitlemek üçin amatlydyr.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu hepde tötänleýin ýüze çykýan ýagdaýlar köne meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine päsgel berip biler.Howlukman ýagdaýy seljermek, näme edip boljakdygyny  anyklamak üçin wagt gerek bolar. Esasan-da jogapkärçilik çekýän ýagdaýyňyzda.Hepdäniň birinji ýarymy has kyn geçer, sebäbi hem iş meseleleri, hem-de öýdäki aladalar bir wagtda ünsi talap eder. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagdaý ýeňilleşer, köne dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz size  goldaw bererler. Hepdäniň ahyrynda  maliýe bilen baglanyşykly işlerde seresap boluň: hatda ownuk zatlarda hem pikirlenip  ädim ädiň.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Size ýeňil bolmadyk, ýöne örän gyzykly hepde garaşýar. Ilkinji günlerde başgalaryň başarmadyk kyn meselelerini çözmek, çylşyrymly işlere girişmek talap ediler. Käbir Seretanlar hepdäniň başynda diňe öz güýjine daýanmak has dogry bolar.Bu iş hem şahsy durmuş üçin degişli. Mysal üçin, öz puluňyz bilen zat satyn almak mümkin, ýöne karz almaga howlukmak maslahat berilmeýär. Hepdäniň ikinji ýarymy has amatly geçer.Işde ygtybarly hyzmatdaşlar peýda bolar, ýakynlaryňyz her işiňizde  goldaw bererler. Öň binjalyk edýän  maliýe meseleleriňiz hem üstünlikli çözüler.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Hepdäniň başynda köp Esetleriň  öňki ýalňyşlaryny düzetmek üçin  mümkinçilikler dörär. Bu elbetde ýeňil iş däl, ýöne üstünlik gazananyňyzdan soň özüňizi has ynamly duýarsyňyz. Şeýle hem hepdäniň ikinji ýarymy maliýe taýdan üstünlikli geçer: garaşylmadyk ýerden pul gelip biler we üstünlikli söwda şertnamalaryny baglanşyp bilersiňiz. Emma şertleri üns bilen öwrenmek we hemişe beýlekileriň maksatlaryny göz öňünde tutmak möhümdir.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu hepde ýeňil bolmaz. Köp Sünbüleler adatdan daşary emosional bolup, ownuk sebäplere gaharlanyp biler. Şeýle ýagdaýdalarada olar bilen dil tapyşmak kyn.Emma käbir adamlar siz bilen aragatnaşyk gurmaga ýol taparlar. Hepdäniň ortalarynda geljek ýyl üçin iş meýilnamalaryňyzy maslahatlaşyp bilersiňiz. Bu hepde aljak maglumatlaryňyz ýylyň başynda nämeden başlap biljekdigiňizi aýdyňlaşdyrar.Maliýe ýagdaýyňyz hepdäniň başynda biraz durnuksyz bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda  olaryň size nähili täsir edýändigine üns beriň. Bu hepde sizi yzygiderli tankytlaýan ýa-da emosional deňagramlylygyňyzy bozýan adamlar bilen söhbetdeşlikler has güýçli täsir edip biler. Käbir Mizanlara iş bilen meşgullanmak üçin amatly hepde. Başyny adaty we sazlaşykly işlerden başlamak has peýdaly bolar. Hepdäniň ahyrynda işleriňiz     has-da kän bolar, ýöne jogapkärçilikli çemeleşme siziň hiç zada bulaşdyrmajakdygyňyza kepil geçer.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Ýyldyzlar sizi goldar, ýöne üstünlik diňe öz tagallalaryňyza bagly bolar. Bu hepde netijeli işlemegi we uzak möhletli maksatlaryňyzyň ugrunda zähmet çekmegi talap eder. Käbir ýaş Akraplar kynçylyk ýüze çykanda umytdan düşüp bilerler. Şol sebäpli size goldaw berip biljek ygtybarly adam  gerek bolar. Hepdäniň ahyry  iş duşuşyklary gepleşikler, täze hyzmatdaşlar bilen duşuşmak üçin örän amatlydyr. Maliýe meseleleriňizde girdejiniň artmagy hem ähtimal.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Ünsli bolmak möhümdir. Bu hepde bolup geçýän wakalar ownuk görünse-de käbir  Kowuslara  üçin  alamaty bolup biler. Şeýle hem täze  pikirler peýda  bolar olary durmuşa geçirmek kyn bolsa-da, geljekde üstünlik getirip biler.Iş gatnaşyklary seresaplygy talap eder. Wajyp  maglumatlary paýlaşmaga howlukmaň, şahsy duýgularyňyzyň iş gatnaşyklaryna täsir etmegine ýol bermäň. Aýratynam möhüm duşuşyklarda geň hereketlerden we özboluşly çykyşlardan gaça duruň.Käbir Kowuslaryň maşgala ýa-da şahsy gatnaşyklary bilen baglanyşykly möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarlar. Hepdäniň ahyrynda geljek ýyl üçin umumy meýilnamalaryň açylmagy ähtimal.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu hepde siziň üçin möhüm üýtgeşmelerden  başlanar. Mundan başga-da, wakalaryň ugruny dogry tarapa ugrukdyrmak siziň öz eliňizde bolar. Munuň üçin bolsa ýagdaýy seljermek we ähli zatlary doly düşünmek möhümdir.Hepdäniň ortalarynda zähmetsöýerlik görkezersiňiz we möhüm meseleleriňizi çözüp bilersiňiz. Şeýle hem  girdejiňiziň  wagtlaýyn hem bolsa artmagy mümkin.Şahsy gatnaşyklarda hepdäniň ahyrynda käbir kynçylyklar bolup biler, ýöne wagt geçdikçe ýagdaý gowlanar.Dynç günlerine golaý ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklar has aňsatlaşar, jedeller bolsa tiz çözüler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu hepde ýeňil bolmaz.Iş  ýeriňizde  ýagdaýlaryň çalt üýtgemegi mümkin, şeýlelikde täze strategiýa döretmek ýa-da öňki meýilnamalary üýtgetmek talap ediler. Maglumat az bolany üçin duýgularyňyza  daýanmak zerur bolar.Hepdäniň başy has kyn geçer, ýöne çarşenbeden başlap ýagdaýlar                  ýuwaş-ýuwaşdan üýtgäp biler. Hepdäniň ortalarynda girdejileriň artmagy ähtimal. Şeýle hem  iş ýerleriňizde üstünlikli mümkinçilikler garaşylýar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu hepdäniň başy kynçylykly geçer: işde çylşyrymly wezipeler, ýolbaşçylar bilen gatnaşyklaryň dartgynly bolmagy mümkin. Emma bu ýagdaý sizi ruhdan düşürmez. Köne we täze hyzmatdaşlaryň goldawy bilen täze mümkinçilikler açylar. Size degişli işleriňiz  täsirli bolup, möhüm adamlaryň ünsüni çeker. Bu bolsa geljekde karýerada ösmäge ýol açyp biler.Hepdäniň ikinji ýarymy has rahat geçer. Şahsy gatnaşyklara üns bermek gerek bolar. Käbir Hutlar maşgala meselelerinde ýüze çykýan käbir duýgur meseleleri çözmeli bolarlar. Möhüm soraglara bada-bat jogap almak kyn bolup biler.

 

Ýene-de okaň

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

09-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

08-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

07-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama