DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara migrasiýa guramasynyň Geňeşiniň 116-njy sessiýasyna gatnaşýar

2025-nji ýylyň 8-dekabrynda Ženewada Halkara migrasiýa guramasynyň (IOM) Geňeşiniň 116-njy sessiýasy öz işine başlady.

Sessiýada halkara migrasiýasy, migrasiýa bilen ösüşiň arabaglanyşygy, Guramanyň strategik ugurlary bilen bagly möhüm meselelere garalýar hem-de agza döwletleriň çykyşlaryna orun berilýär.

Bu sessiýanyň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Döwran Baýramow öz çykyşynda Türkmenistanyň migrasiýa syýasaty boýunça esasy garaýyşlaryny beýan edip, migrasiýa proseslerini dolandyrmakda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň we toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem, ol 2030-njy ýyla Gün tertibini, şeýle-de Migrasiýa we bosgunlar boýunça Ählumumy ylalaşyklary ýaly halkara çarçuwaly resminamalaryň milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, kanuny migrasiýa ugurlarynyň ýeňilleşdirilmegi, giriş we çykyş amallarynyň hiliniň ýokarlandyrmagy hem-de migrantlaryň sosial we zähmet hukuklarynyň deň üpjün edilmegi babatdaky tagallalary barada maglumat berdi.

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler