DÜNÝÄ

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Ýaponiýanyň hökümeti 19–20-nji dekabrda Tokioda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy – Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen sammit geçirmek üçin taýýarlyk işleri alyp barýar. Ýurduň Premýer-ministri Sanaa Takaiti bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada ýapon neşirleri habar berýär.

Ýaponiýany dolandyrýan Liberal-Demokratik partiýanyň (LDP) başlygynyň orunbasary Taro Aso, Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlary arasynda dost-doganlygy ösdürmek ugrunda tagalla edilýändigini belledi.

“Geçen alty aýyň dowamynda Russiýa, Hytaý, ABŞ we beýleki ýurtlar Merkezi Aziýa döwletleri bilen sammitler geçirdiler,” diýip, Taro Aso belledi.

Ol Ýaponiýanyň hem şeýle sammiti üstünlikli geçirmegi diplomatik nukdaýnazardan örän möhümdigini belläp geçdi.

Ýaponiýa–Merkezi Aziýa ilkinji sammitini 2024-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanda geçirmek göz öňünde tutulypdy. Emma ol şol wagtdaky Premýer-ministr Fumio Kişida öz ýurdunda ýüze çykmak ähtimallygy bolan güýçli ýertitreme hadysasyna taýýarlyk görmek üçin bu sammiti yza süýşürmegi teklip edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi