Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 29-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Örän möhüm kararlary bermeli bolarsyňyz. Mundan başga-da, köp meseläni şol bir wagtda çözmeli bolarsyňyz. Ünsli we seresap bolmaly, gereksiz gepleşiklerden gaça durmaly, sebäbi indi olar birek-birege gaharlanmakdan başga zat getirmez. Güniňizi öýde maşgala bilen baglanyşykly işlere bagyşlaň.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün ýyldyzlar Sowurlara birneme kynçylyklar döredip biler işde ýa-da öýde çözgüt tapmak kyn bolan mesele ýüze çykyp biler. Bütin güýjüňizi jemleseňiz netijesi gazanyp bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalaryň öňünde bir topar mesele we kynçylyklar çykyp biler, olaryň ählisi hem iň ýakyn adamlaryňyz tarapyndan ýüze çykmagy ähtimal. Kimdir biri sizde ýaramaz ýagdaý döredip biler.Käbir Jöwzalara ähmiýeti uly we geljegine täsir edýän meselelerden başlap pikirlenip hereket etmek maslahat berilýär.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün Seretanlara aşa köp zatlar hakda pikirlenmezlik maslahat berilýär. Dynç alyň, rahatlygyňyzy tapyň. Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagt geçirip, ruhy we beden taýdan rahatlanmaga synanyşyň. Seretanlara häzirki wagtda howlukmaç netije çykarmakdan gaça durmaklyk maslahat berilýär çünki kabul eden kararyňyz diňe size däl, ýakynlaryňyza hem täsir edip biler.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün Esetlere duýgularyny has seresaplyk bilen gözegçilikde saklamak maslahat berilýär emosional reaksiýalar bilen başga birine zyýan ýetirip bilersiňiz.Ýyldyzlar size häzir ýakynlaryňyzyň höwes berip biljek goldawyny ret etmezligi maslahat berýär bu goldaw has uly üstünlikleri getirer.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün Sünbüleler üçin birneme adatdan daşary gün bolup biler ýagdaýy doly gözegçilikde saklamak kyn düşer. Dostlaryňyzyň pikirlerini diňlemäge çalşyň garşylyk görkezmeseňiz üstünlik ýanyňyzda bolar.Güniň ikinji ýarymynda maddy girdejileriňizde hem üstünlik gazanarsyňyz.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün Mizanalara maddy girdeji we üstünlik garaşýar.Şonuň üçin her ädimiňizde pikirlenip hereket ediň we ownuk ýalňyşlyklardan gaça duruň. Güniň ikinji ýarymynda size we siziň ýakynlaryňyza şowlulyklar garaşýar. Esasanam bu toý habary bolmagynyň mümkindigini ýyldyzlar duýdurýarlar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplarda duýgular güýçli bolar we bu ýagdaý töweregi birneme dartgynlaşdyryp biler. Size goldaw berip biljek adamlary gözläň olaryň sözi ýa-da kömegi size uly ýardam eder. Akraplaryň söýgi gatnaşygynda arabaglanyşygyň gaýtadan döremegi hem mümkin.Ony kabul edip-etmezlik diňe öz islegiňize bagly.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün Kowuslar işde we aragatnaşykda uly şowlulyk garaşýar. Mümkinçiliklerden peýdalanyň. Emma ownuk meseleler hem ýüze çykmagy mümkin olary tiz çözmäge synanyşyň. Ýyldyzlar käbir Kowuslara howply ädimlerden gaça durmagy maslahat berýär ownujak zatlar hem sizi kyn ýagdaýa eltip biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün göwnüçökgünlikden, kemçiliklerden saplanasy gelýän Jedilere tüýs wagtydyr. Olar şeýle aladalardan öňümizdäki hepde saplanyp bilerler. Emma olaryň güýçli durmaklary hökmanydyr. Çünki hemme zat özüňize bagly. Eger-de siz özüňiz güýçli dursaňyz başga-da birnäçe belent maksatlaryňyza ýetip bilersiňiz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün Daluwlara özleriňiň hereketlerini hem öňünden çaklamak kyn düşer sebäbi duýgularyňyz size köp zatlara itergi berip biler. Seresaply boluň. Güniň ikinji ýarymynda ýyzdyzlar size ýakynlaryňyza wada bermezligi maslahat berýär sebäbi siz olary ýerine ýetirip bilmersiňiz we bu ýagdaý gatnaşyklarda ýaramaz täsir eder.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün Hutlar öz ýolunyň dogrydygyna hasam ynanarlar alýan kararlaryňyz size üstünlikli habary getirer. Öňüňizde goýan maksadyňyzdan el çekmezligi, tersine oňa ýetmek üçin maksadaokgunly hereket etmelidigiňizi ýyldyzlar duýdurýarlar.
