DÜNÝÄ

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewanyň başlyklyk etmeginde Aktauda TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň 42-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşykda Gabalada (Azerbaýjan) geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammitindäki jemleýji resminamalar we Prezidentleriň tabşyryklary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem TÜRKSOÝ guramasynyň işini 2026-njy ýyl üçin kämilleşdirmek boýunça iş toparyny döretmek hakynda karar kabul edildi.

Şunuň bilen birlikde, «Aktau – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň netijeleri jemlendi. Aida Balaýewa öz çykyşynda «Aktau – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň çäklerinde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini belledi.

Mejlise gatnaşyjylara TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol öz çykyşynda guramanyň bu ýyl üç müňden gowrak artistiň gatnaşmagyny üpjün edendigini, ýüzlerçe neşir we sanly materiallary çap edendigini aýtdy.

ANDIJAN – TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY

Ahyrynda, Aida Balaýewa 2026-njy ýylda Andijan şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi sebäpli TÜRKSOÝ-yň wagtlaýyn utgaşdyryjysynyň ygtyýarlyklaryny Özbegistandan kärdeşi Ozodbek Nazarbekowa gowşurdy.

Duşuşygyň netijesi TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.

Mejlise Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Askaraly Madaeminow, Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Guseýnow, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, şeýle hem Mangystau welaýat häkiminiň orunbasary Tlegen Abişew gatnaşdylar.

Türki medeniýetleriň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) esasy maksady türki döwletleriň we sebitleriň arasynda medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Italiýada Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda möhüm senelere bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygyndan möhüm bildiriş

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy