JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjan doly hukukly agza hökmünde goşuldy. Azerbaýjanyň Prezidenti bu çözgüdiň kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli gutlag haty we hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hatynda:

«Hormatly doganym! Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitde hyzmatdaşlygyň iň möhüm meseleleriniň açyk we oňyn diolog ruhunda ara alnyp maslahatlaşylýan, bilelikdäki dürli taslamalaryň durmuşa geçirilýän hem-de umumy garaýyşlar emele getirilýän ähmiýetli platformasydyr. Bu hyzmatdaşlyk formatynyň emele gelmeginde we onuň täze derejä çykmagynda Türkmenistanyň, hususan-da, Siziň aýratyn ornuňyz bardyr. 2023-nji ýylda Siziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşan goşandyňyz, startegik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda edýän yzygiderli we taýsyz tagallalaryňyz üçin, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagyňyz Siziň alyp barýan syýasatyňyza berlen ýokary bahadyr» diýip belleýär.

Şeýle hem hatda iýul aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjana we Garabag sebitine saparynyň, oktýabr aýynda Gabalada Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmagynyň, awgust aýynda azerbaýjan Lideriniň Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran saparynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetli bolandygy nygtalýar. Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen Fizuly şäherinde düýbi tutulan metjidiň fizulylaryň hem-de tutuş Azerbaýjanyň halky tarapyndan çuňňur buýsanç we minnetdarlyk duýgulary bilen garşylanandygy aýdylýar.

Azerbaýjanyň Prezidenti hatynyň ahyrynda pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, geljek ýyl «Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna çakylygy üçin hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy