SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  21-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallarda   bir zady kadalaşdyrmak, öň goýberen ýalňyşlaryny düzetmek üçin mümkinçilik dörär. Bu hem býudjet we öý işlerine, hem-de iş meselelerine degişli bolup biler. Hatda maşgala gatnaşygyny hem üýtgetmäge mümkinçilik bolup biler. Elbetde, öz ýalňyşlygyňy boýun almak ýeňil däl, ýöne hemmelerem ýalňyşýar. Hamallar belli bir meselede özüni nädogry alyp barandygyny boýun alanyňdan soň, öňüňde täze mümkinçilikler açylar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar nätanyş  adamlar bilen  düşünşmekde ökde bolarlar. Şonuň üçin günüň birinji ýarymyny olar  bilen geçirmek   ajaýyp. Olar gatnaşyklaryňyzy hasam gowulaşdyrjak syrlary siz bilen paýlaşarlar.Güniň ikinji ýarymynda Sowurlaryň köpüsi uzak wagtlyk  işleri  bilen başagaý bolup biler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Çynlakaý bir zat meýilleşdirmäň. Kän zähmet talap etmeýän adaty zatlar bilen meşgullanyň. Ýakynlaryňyz  bilen jedelli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly däl. Güniň ikinji ýarymda Jöwzalaryň  köpüsi möhüm meselelerini çözüp bilerler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Günüň birinji ýarymy dynç almak üçin has gowy. Özüňiz bilen ýeke boluň, sizi binjalyk edýän zatlardan daşda duruň. Duýgularyňyz size  dogry karar bermekde kömek eder. Günüň ikinji ýarymy  işjeň aragatnaşyk üçin ajaýyp. Täze gatnaşyklar bilen gyzyklanýan Seretanlar  adaty bolmadyk adamlar bilen duşuşarlar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Irden birneme gaharlanarsyňyz. Şonuň üçin çynlakaý meseleler bilen meşgullanmaly dälsiňiz esasanam köp üns berilmegini talap edýän zatlarda. Ýakynlaryňyz  bilen dawa-jenjellerden gaça duruň. Günüň ikinji ýarymynda bir wagtyň özünde girdejili  şertnamalary baglanşyp  we azajyk girdeji gazanyp bilersiňiz. Köp Esetler  köne dostlar bilen duşuşmakdan lezzet alarlar  esasanam hünär gyzyklanmalaryňyz bar bolsa.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Dogry karar bermek size kyn bolar. Şonuň üçin irden gyssagly meselelere üns bermek has  gowusydyr. Hiç ýere howlukmaň. Gyssagly çäreleri talap edýän käbir ownuk meseleleriň ýüze çykmagy mümkin.Emma  hemme zady üstünlikli başararsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin  asuda bolmak we kyn meseleleri çözmek aňsat bolar. Ýakynlaryňyz  bilen maslahatlaşmak üçin amatly pursat. Olaryň maslahatlary gaty peýdaly bolup biler ýa-da size dogry pikirleri berip biler. Maşgala  Mizanlary ýakynlary barada alada etmeli bolarlar.Güniň ikinji ýarymynda  täze bir zat öwrenip bilersiňiz we käbir ýagdaýlarda hatda özara peýdaly hyzmatdaşlyk ylalaşyp bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün Akraplar üçin  täze zatlary öwrenmek peýdaly bolar. Käbir Akraplar  köpden bäri garaşýanlary  barada gowy habarlary alarlar. Şeýle hem  işýerlerinde  üstünlik gazanarlar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Irden güýç we ylhamyň artýandygyny duýarsyňyz. Pikirleriňiz islendik ýagdaýda asuda bolmak we kyn meseleleri çözmekde kömek eder. Ýakyn  garyndaşlaryňyz  bilen maslahatlaşmak üçin amatly pursat. Olaryň maslahatlary gaty peýdaly bolup biler ýa-da size dogry pikirleri berip biler.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Döredijilik pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin amatly gün. Bu size  köp oňyn duýgularyňyzy pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri berer. Köp Jediler ýakynlaryndan gymmatly sowgatlary  alarlar. Geljek üçin meýilnama düzmek we maşgala agzalary bilen pikir alyşmak üçin bu amatly pursat. Her kim möhüm teklipleri berip biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Öz işleriňiz üçinem ýakynlaryňyza  kömek etmek üçin ýeterlik güýç we wagtyňyz bolar. Iki taraplaýyn minnetdarlyk size ylham berer we sizde täze güýç döreder. Meýilleşdirilen satyn alyşlar üstünlikli bolar we uzak dowam eder. Ýöne kän sarp etmezlik üçin çykdajylardan saklanmak has gowudyr. Käbir Daluwlar günüň ikinji ýarymynda çynlakaý meseleler bilen meşgullanmaly däl we möhüm kararlar bermeli däl. Maşgalaňyz bilen boluň ýakyn dostlaryňyz bilen söhbet ediň.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Günüň başlangyjy siz üçin  üçin ajaýyp. Bir gezekde başlan zadyňyzy soňuna çenli gutaryp bilersiňiz. Söwda girdejili bolar diňe zerur zatlary satyn alarsyňyz we goşmaça pul sarp etmersiňiz. Dogrydygyňyza ynanýan bolsaňyzam, ýakynlaryňyz bilen jedelleşmezlige çalşyň. Ýakyn  wagtda özleri ýalňyşandyklaryna düşünerler we siziň bilen razylaşarlar.

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama