SPORT

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Fransiýanyň “PSŽ” futbol klubunyň marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň iň gowy futbolçysy diýen baýraga mynasyp boldy. Bu barada Afrikanyň Futbol Konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Baýrak gowşurmak dabarasy Rabat şäherinde geçirildi. Aşraf Hakimiden başga-da, yklymyň bu abraýly baýragy üçin iňlisleriň “Liwerepul” klubunyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salah we Türkiýäniň “Galatasaraý” toparynyň nigeriýaly hüjümçisi Wiktor Osimhen dalaş etdiler.

27 ýaşly Hakimi bu baýraga ilkinji gezek eýe boldy. Geçen ýyl Afrikanyň iň gowy futbolçysy adyna Italiýanyň “Atalanta” klubunyň nigeriýaly hüjümçisi Ademola Lukman mynasyp bolupdy.

Bu ugurda rekord derejede baýraga mynasyp bolanlar kamerunly hüjümçi Samuel Eto’o we iwuarly ýarymgoragçy Ýaýa Ture bolup, olar dört gezek ýylyň futbolçysy baýragyna mynasyp boldy.

2025-nji ýylda Hakimi düzüminde çykyş edýän fransuz topary bilen Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, finalda fransuz topary Italiýanyň “Inter” klubuny 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Hakimi hem bir gol geçiripdi.

Şeýle hem Hakimi PSŽ bilen 2024/25-nji möwsümde Fransiýanyň çempiony boldy, Kubogyny we Superkubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar