BILIM

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Nimbo şäherindäki Politehniki uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, tejribeleri paýlaşmak, teklipleri seljermek, öwrenmek bilen bagly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-mugallymlary wekilçilik etdi. Şeýle-de Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Belarus Respublikalaryndan wekiller gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bir hepde dowam eden maslahatda halkara hünär bilimi taslamasy bolan «Lu Ban ussahanasynyň» mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu taslama 2016-njy ýylda Hytaýda döredildi we ýokary bilimli hünärmenleri kämilleşdirmekligi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy we ornaşdyrmagy, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hünär başarnygyňy ösdürmegi, täze pikirler, seljermeler bilen baýlaşdyrmagy hem pugtalandyrmagy baş maksat hökmünde öňe sürýär.

Çäräniň dowamynda Hytaýyň ylym-bilim işgärleriniň hem-de myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi, özara pikir alşyldy, duşuşyklar geçirildi.

Ýokarda agzalan taslama Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem döredilýär. Häzirki wagtda «Lu Ban ussahanasynyň» binasynyň düýpli abatlaýyş işlerini has çaltlandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýardam etmeginde, şertnama esasynda, düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-daky halkara hünär bilimi taslamasy Türkmenistanda ilkinji gezek döredilýär hem-de hususan, nebit inženerçiligi we tehnologiýalary, maglumat tehnologiýalary, nebiti, gazy daşamak ýaly ugurlara gönükdiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler