Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, ata Watanymyzyň durnukly ösüşi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde üpjün edilýär. Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde bilim ulgamynyň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk derejede üpjün etmek maksady bilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenilmegi, täze bilimleri özleşdirmegi bilen baglanyşykly döwlet derejesinde tutumly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda iri halkara guramalary, belli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini we ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikde alyp barýan işleri häzirki wagtda has-da ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň halkara derejesinde bilim almaklary, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil bolmaklary hem-de eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredip berýär.
Döwletimiziň nurly geljegi kämil ýaşlaryň ýetişdirilmegine baglydyr. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, watansöýüji ýaşlar döwrümiziň hem, jemgyýetimiziň hem bezegidir. Şeýle bolansoň, täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik tutumlaryň düýp özeninde ýaşlaryň röwşen geljegi baradaky alada jemlenendir. Munuň özi ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi bilen bagly durmuş ýörelgeleriniň ajaýyp zamanada täze many-mazmuna eýe bolýandygyny hem aýdyň görkezýär. Ýaşlary ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek, halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, Watana wepaly, ylym-bilimli nesilleri kemala getirmek bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.
Ýurdumyzda ylymdyr bilimiň ösdürilmegi üçin ajaýyp şertler döredilýär, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär hem döwrebaplaşdyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ylym-bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary we ýörelgeleri kesgitlenendir.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Öňde durýan belent wezipeleri amala aşyrmakda ýaş nesliň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna, yhlasly zähmetine daýanylýar. Bu bolsa olara uly ynam bildirilýändigini aňladýar.
Bilim özgertmeleriniň oňyn netijeleri ýurdumyzyň öňe barýan ýolundaky esasy daýanjy bolup durýar. Ylmy esasda uzak möhletleýin maksatnamalar we meýilnamalar bilen baglanyşykly täze özgertmeler durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Bu ulgamda innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar, dünýä tejribesiniň, ylmyň täze gazananlarynyň mümkinçilikleri hem çuňňur öwrenilýär. Häzirki wagtda okatmagyň, bilim öwretmegiň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzelikleri, bu ugurlardaky oňyn tejribeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» wezipeleri tapgyrma-tapgyr alnyp barylýar. Ylmyň, bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyz asylly ýörelgelere eýerip, geljekki täze üstünlikleri nazarlaýar. Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlary babatdaky oňyn özgertmeler — nesil terbiýesiniň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaşlaryň ylym-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.
Häzirki döwürde durmuş çalt depginler bilen özgerýär, dünýäniň bilim ulgamy innowasiýa ösüşlerine eýe bolýar. Bilim bermegiň maglumat, elektron okuw-usuly gurluşlar bilen bagly dürli-dürli mümkinçilikleri peýda bolýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek häzirki zaman bilim ulgamynyň öňündäki esasy wezipeler bolup durýar.
Ylym-bilim ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşydyr. Şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Çynar Patyşagulyýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary.
