JEMGYÝET

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Makul sözlük platformasy diňe bir sözlük bolman, eýsem ol dil öwrenmek isleýänler üçin uly gollanma! Birnäçe ýyldan bäri Android applikasiýasy hereket edýän   “Makul ” indi Apple IOS ulgamy üçin hem elýeterli boldy!
📲 App Store arkaly göçürip alyň

Indi iPhone we iPad ulanyjylary “Makul Sözlük” applikasiýasyny mugt ýükläp alyp, iňlis we türkmen sözlerini sesli görnüşde öwrenip bilerler.

“Makul Sözlük” näme?

Makul Hyzmat terjime merkezi tarapyndan esaslandyrylan “Makul Sözlük” – Türkmenistandan başlap, bütin dünýäniň ulanyjylary üçin niýetlenen köpugurly dil gollanmasydyr. Ol 15 müňden gowrak iňlis we türkmen sözlerini, olaryň seslendirilmesini, prefiks–suffiks düşündirişlerini, şeýle hem ýüzlerçe günlük gepleşik nusgalaryny özünde jemleýär. Programmada şeýle aýratynlyklar bar:

  • Offline görnüşde işlemek mümkinçiligi
  • Sözleriň sesli gözlegi
  • “Makul Krossword”, “Makul Puzzle”, “Makul Sözlem” ýaly oýunly bölümler
  • 700 sany gündelik sözleme degişli sesli mysallar
  • Her gün 5 täze söz bildirişi
  • Çagalar üçin ýörite “Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümleri

Çagalar üçin “Makul Sözlük”

“Makul Sözlük” çagalaryň hem iňlis dilini gyzykly we aňsat öwrenmegine mümkinçilik berýär.
“Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümleri arkaly 375 esasy söz suratlaryň üsti bilen hödürlenýär.
Çagalar haýwanlar, reňkler, iýmitler, esbaplar we beýleki gündelik temalar boýunça sözleri sesli görnüşde öwrenýärler.
Şeýlelikde, “Makul Sözlük” diňe bir dil gollanmasy däl — çagalaryň oýun bilen bilim alýan intellektual dostudyr!

“Amazon”da neşir edilen sözlük

2025-nji ýylyň sentýabrynda “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy.
Kitapda 16 500-den gowrak söz we ýöriteleşdirilen atlar (hukuk, işewürlik, AI, lukmançylyk, sport) ýerleşdirildi.

📘 Amazon – Makul English–Turkmen Dictionary

Dil diplomatiýasynyň täze tapgyry

“Makul Sözlük” diňe bir ylmy çeşme bolman, eýsem Türkmen diliniň halkara giňişlikde orny güýçlenmegine, ýaş nesilleriň bolsa dünýä dilleri bilen aragatnaşyk gurmagyna hyzmat edýär.

Beýleki peýdaly applikasiýalar

📲 Siz şeýle hem “Atavatan Türkmenistan” habarlary applikasiýasyny hem-de “Atavatan TV” wideo platformasyny ýükläp bilersiňiz:

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine we Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi

“Makul habar” elektron gazeti (44-sany)

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine nobatdaky iş sapary

Türkmenistanda 1-nji dekabrdan 200 manatlyk banknot dolanyşyga giriziler

Ata Watan Eserleri

Ilçi Ahmed Al Hameli: BAE Türkmenistanyň esasy 3-nji söwda hyzmatdaşy