JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirdi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda guralan dabarada halkymyzyň agzybirligi, asylly işlere bolan höwesi, ýurdumyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy. Asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri we bagşy-sazandalar türkmen toýlarynyň baş bezegi bolupdyr. Bu ýörelgeleriň häzirki bagtyýar döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli Liderimiz ýurdumyzyň sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Türkmenistan” ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere geldi. Taryhy ähmiýetli waka gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ýaşuly nesilleriniň ählihalk çäresine işjeň gatnaşýandygynyň, halkymyzyň sogap işlere aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi