DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyň işjeň häsiýete eýedigini bellediler.

Ilçi Döwlet ministrini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň halklarynyň bähbidine dialogy çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi