DÜNÝÄ

Haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeler girizilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisde Gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we Gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.

Bellenilişi ýaly, M.Hojamberdiýewa ol ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, Gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna täzeden seredilip, onuň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda Gaznanyň prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, Gaznanyň berk dolandyryş binýadyny pugtalandyrmak bilen, täze Esaslandyryjylaryň girizilmeginiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen bagly kadalar goşuldy.

M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de Gazna Esaslandyryjyny girizmek hakynda kararlaryň  taslamalaryny Gahryman Arkadagyň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň Tertipnamasynyň taslamasyna laýyklykda, Gaznanyň Esaslandyryjysy Gaznanyň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi Gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň – wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp,  Gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de, Gaznanyň Esaslandyryjysy öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi.

Şu beýan edilenler Gaznanyň Esaslandyryjysynyň karary bilen resmileşdirilýär diýlip taslamada bellenilýär. Tertipnamanyň taslamasynda Gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz  öňünde tutup, Gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilýändigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. “Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär” diýlip taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.

Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Ýene-de okaň

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri