JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Italiýa dokma pudagynda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryny baglaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Olaryň hatarynda dokma pudagy hem bar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz türkmen-italýan işewürler maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Italiýa bilen köp ýyllardan bäri dokma pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi we şu gezekki saparyň çäklerinde bu ugurda gol çekilen ylalaşyklaryň aýdyň subutnama bolup durýandygyny belledi.

  • dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Marzoli” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama.
  • dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Itema” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama.
  • dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Sawio” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama.
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Italiýanyň “Petro Fiorentini” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem türkmen-italýan işewürler forumynyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär