JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hindistan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu geljegi uly taslamalar sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün eder we gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer.

Medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde ilkinji gezek türkmen arçasy ekiler