Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak meselelerini ýerinde ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, “Shangqi, Ltd.” we “TechMax Intelligence Technology Co., Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine iş sapary bilen geldiler.
2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiller uniwersitetde Lu Ban ussahanasy üçin bölünip berlen ýerde alnyp barylýan düýpli-abatlaýyş işlerine we ol işleriň alnyp barylyşyna gözegçilik etdiler. Iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiller bilen iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ylym-bilim ulgamynda, gelejekde hünärmenleri taýýarlamakda oňyn netijeleri berjekdigi, Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak üçin alnyp barylýan düýpli-abatlaýyş işleriň tiz wagtda gutarjakdygy we kesgitlenen talaplara laýyklykda alnyp barylýandygy myhmanlar tarapyndan bellenip geçildi.