BILIM

Türkmen talyplary halkara himiýa olimpiadasynda 57 medal gazandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň ahyrynda himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar hem-de diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler.

Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.

Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji hem-de 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.

Bäsleşige 120-den gowrak gatnaşyjy medal gazandy. Hususan-da, A kategoriýa 14 altyn, 17 kümüş we 32 bürünç medal, B kategoriýa 11 altyn, 19 kümüş we 27 bürünç medal bilen sylaglandy. Türkmenistandan gatnaşan talyplar ajaýyp üstünlik görkezip, jemi 57 medal gazandylar.

Ýene-de okaň

Türkmen Nakyllary Amerikada Iňlis dilinde neşir edildi

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary