ABŞ DV-2027 Programmasynyň Hasaba Alyş Seneleri Ýakyn Günlerde Yglan Ediler. Bu barada 2025-nji ýylyň noýabr aýyndaky Wiza Býulleteninde aýdylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň 2025-nji ýylyň noýabr aýyndaky Wiza Býulletenine görä, DV-2027 “Diversity Visa” (Green Kart) programmasy üçin hasaba alyş döwrüniň seneleri ýakyn aýlarda giňden yglan ediler.
Programma gatnaşmak isleýänler üçin Döwlet Departamenti resmi “Diversity Visa” web sahypasyny yzygiderli barlamagy maslahat berýär.
Eýsem “Green Card” näme?
Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.
Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny täzeden ýatlatýarys! Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr. Ýakynda habar berişimiz ýaly bu ýylky resminama tabşyrylyş tölegli bolup, tölegiň möçberi 1(bir) amerikan dollaryna barabardyr. Töleg haýsy hasapdan we nähilli görnüşde tölemeli barada ýakynda saýtymyzda giňişleýin habary Size ýetireris.
Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geçen ýyl ýaýradan maglumatyny täzeden ýatlatýarys! Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.
Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2027 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris.