MEDENIÝET

Mahmyt Kaşgarla bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistadan, Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Moldowa Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan alymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eserini öwrenmekde Türkmenistanda alnyp barylýan işler, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň «Diwany lugat at-türk» eserini türki dünýäsiniň ruhy mirasy hökmünde gorap saklamakdaky we wagyz etmekdäki orny, alymyň sözlüginiň türki dilleriniň maglumatlaryny öwrenmekdäki ähmiýeti, «Diwany lugat at-türk» eseri barada alnyp barylýan ylmy işler, bu eserde ynsanperwer gymmatlyklaryň beýan edilişi, onuň bilen bagly ylmy garaýyşlar barada giňişleýin durlup geçildi.
Halkara ylmy maslahatyň barşynda Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy tarapyndan taýýarlanan Magtymguly Pyragynyň «Aşyk bolmuşam» atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Şeýle hem halkara ylmy maslahat öz işini «Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseriniň dünýä filologiýasyna goşandy, «Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseriniň ynsanperwer ylmyny ösdürmekdäki orny» atly bölümçelerde alyp bardy.

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy