Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilatymyza edilýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, olara öňdebaryjy tilsimatlara, lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlar we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.