JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşde we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitlerine ünsi çekip, dostlukly ýurtda hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. “Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar höweslendirilýär” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Pekinde Si Szinpin bilen hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, bu saparyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berjekdigine, şeýle hem dostluk, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi