DÜNÝÄ

Türkmen döwlet neşirýat gullugynda BAE-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň we gazet-žurnallaryň baş redaktorlarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Media Hub International I.LC» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dr.Abdulrahim Abdulwahitogly hem-de bu kompaniýanyň Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherindäki neşirýat işleri boýunça bölüminiň direktory Mohamed Saad Sliman bilen duşuşygy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binasynda geçirilen duşuşyk neşirýat we metbugat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige, özara tejribe alyşmaklyga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklige hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine bagyşlandy.

Duşuşygyň barşynda taraplar neşirýat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şol sanda türkmen we beýleki dillerdäki kitaplary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar kitap neşirçiligi, döwrebap çaphana işini guramak, elektron neşir önümçiligini ösdürmek babatda halkara tejribeleri paýlaşmagyň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, neşir önümleriniň alyş-çalşyny ýola goýmagyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Türkmen tarapynyň çykyşynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan görnükli arap-müsür ýazyjysy Najyp Mahfuzyň adyny bütin dünýäniň okyjylaryna giňden tanadan eseri bolan «Öz obamyzyň ogullary» atly romanyny neşir etmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. 1959-njy ýylda Müsüriň «A1-Ahram» gazetinde neşir edilip başlanan bu eser asyl nusgadan — arap dilinden terjime edilip, türkmen okyjylaryna hödürlenilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar neşirýat ulgamy boýunça bilelikdäki sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de beýleki halkara çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine-de garadylar. Şunda neşirýat işinde täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmak, iki ýurduň ýaş ýazyjylarynyň, terjimeçileriniň we beýleki döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglylykda-da gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Taraplar medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, iki ýurduň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin bilelikdäki çäreleriň dowam etdirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Ýeri gelende bellesek, «Media Hub International I.LC» kompaniýasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa sanly maglumatlar giňişliginde baý tejribe toplap, neşir işleri boýunça hem köp görnüşli hyzmatlaryny hödürleýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunda şahamçalary hereket edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Wladimir Putin Täjigistanda döwlet saparynda bolar

Horwatiýanyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary