DÜNÝÄ

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň kofe zynjyry “Ginnesiň rekordlar kitaby”na girdi, ol bir käse ajaýyp içgini haýran galdyryjy bahadan — 2500 dirheme (takmynan 680 ABŞ dollary) satdy.

Bu rekord 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda hasaba alyndy we bu ýerde mesele diňe bahada däl, eýsem önümiň aýratynlygyndadyr. Kofe Panamadan gelen iň seýrek “Hacienda La Esmeral” dänelerinden “V60” filtri arkaly “pourover” usuly bilen taýýarlanyldy.

Bu “Geisha” kofe görnüşi hünärmenler tarapyndan özboluşly, çylşyrymly tagamy üçin — jasminiň we beýleki miweleriň ysyny açyp berýänligi sebäpli ýokary baha berilýär. Çäkli hödürlenmegi sebäpli bu görnüş rekord derejede gymmat boldy.

Şeýle içgini satyn almak — diňe bir käse kofe däl, eýsem tutuş bir dabaradyr. Kofe ýapon el işinden ýasalan nepis kristal käsede hödürlenildi. Goşmaça hökmünde alyja şol bir gymmatly dänelerinden taýýarlanan tiramisu we şokoladly doňdurma tagamy, şeýle hem tagam barada jikme-jik beýan edilen kiçijik hatjagaz berildi.

Bu “altyn” içgini satyn alan müşderiniň şahsyýeti mälim edilmedi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

III Merkezi Aziýa parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar