2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow we Ilçihananyň 1-nji sekretary B.Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Pakistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.
Türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory Naim Sarwar hem-de Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykdan soňra, Ilçihananyň wekilleri “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň orny” atly temada umumy sapak geçdiler. Ilçihananyň 1-nji sekretary öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň, TOPH we TOP ýaly energetika taslamalarynyň, şeýle hem 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti barada nygtady.
Umumy sapakdan soňra talyplar mowzuga uly gyzyklanma bildirip, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de TOPH we TOP energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi bilen baglanyşykly soraglary berdiler.
Ähli soraglara Ilçi A.Möwlamowyň gatnaşmagynda jikme-jik jogap berildi. Has takygy, durnukly ösüşiň özara ynama we hyzmatdaşlyga esaslanýandygy we energetika taslamalarynyň sebit üçin strategiki ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Şeýle-de, häzirki wagtda bilim alýan ýaş hünärmenlere geljekde döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm ornunynyň bardygy barada bellenildi.