DÜNÝÄ

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Oktýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty möhüm halkara wakalaryň meýdançasyna öwrüler. 9–10-njy oktýabr aralygynda Duşenbede Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti hem-de «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky duşuşyk geçiriler.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde GDA ýurtlary boýunça dolandyryş bölüminiň ýolbaşçysy Şaraf Rahimi Täjigistanyň 2025-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň esasy netijeleri, şeýle hem Sammitiň taýýarlygy baradaky meseleler barada maglumat berdi.

Ol sammitde syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

— Geljek sammitiň çäklerinde möhüm çözgütleriň we beýannamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem GDA giňişliginde migrasiýa we zähmet işjeňligi boýunça resminamalar soňky ylalaşyk tapgyrynda ýerleşýär — diýip, Ş. Rahimi aýtdy.

Ol sammitiň GDA-nyň ösüşine täze itergi berjekdigini we gatnaşýan ýurtlaryň bitewiligini berkitjekdigini hem nygtady. Sammitiň çäklerinde Duşenbede «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky döwlet baştutanlarynyň duşuşygy hem geçiriler.

Related posts

Nobel hepdeligi: parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy

Türkmenistan bilen Eýran tozan we çägeli tupanlara garşy göreş alyp barar