Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80 ýyllyk yubileý mejlisiniň çäginde, guramanyň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynda bolup geçdi.
Iki ýurduň liderleri özbek-amerikan strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary we häzirki meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentiniň Amerikanyň iň uly 50-den gowrak kompaniýasynyň we bankynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijelerine ýokary baha berdi.
Raýat awiasiýasy, dag senagaty, möhüm minerallar, maliýe, innowasiýa, himiýa, energetika we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça şertnamalaryň we geljegi uly taslamalaryň bukjasy emele getirildi.
Bu taslamalaryň we şertnamalaryň iki ýurtda-da on müňlerçe täze iş orunlaryny döretjekdigi nygtaldy.
Donald Trampyň bellemegine görä, Özbegistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň çäklerinde 105 milliard dollarlyk taslamalaryň emele getirilendigini, 2018-nji ýyldaky saparynyň dowamynda bolsa bu görkezijiniň 19,4 milliard dollara barabar bolandygyny belledi.
Köp möçberli şertnamalaryň arasynda “Boeing 787−9 Dreamliner” uçarlarynyň 8,5 milliard dollarlyk üpjünçiligi bar. «105 milliard dollar — bu gaty erbet däl», — diýip, Donald Tramp belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Donald Trampy amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy.