2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilla bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-kuba gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklara seredildi we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy.
Şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen işjeň özara gatnaşygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyk etdiler.