MEDENIÝET

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi halkara kinofestiwallaryndaky ýeňişli ýollaryny dowam etidrýär. Beýik Britaniýanyň London, Tatarystanyň Kazan şäherlerinde gazanylan üstünlikleri üsti Bolgariýada gazanylan ajaýyp ýeňiş bilen ýetirildi.

Özbegistanyň Kinematografiýa guramasy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan durmuşa geçirilen bu uly taslama halklar arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrmaga dowam etdirýär.

Meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow “Magtymguly Pyragy” çeper filmi bilen Bolgariýanyň Telewideniýe, kino we internet-aragatnaşyk akademiýasy (АТКИК) tarapyndan guralan XIII Halkara kinofestiwalyna gatnaşdy.

Halkara eminler toparynyň karary boýunça festiwalyň baş baýragy — «GRAN-PRI» — belli režissýor Muzaffarhon Erkinow tarapyndan surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper filme berildi.

Bu baýrak, türkmen-özbek kinematografiýasynyň ýokary ussatlygynyň halkara sahnasynda ýene-de bir aýdyň ykrar edilendiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Režissýor Muzaffarhon Erkinowiň ýolbaşçylygynda surata düşürilen kinoda türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi tomaşaçynyň aňyna ussatlyk bilen ýetirildi.

Film Buharanyň we Hywanyň taryhy ýerlerinde surata düşürildi. Tebigy görnüşler we türkmen aktýorlarynyň – Magtymguly Pyragynyň keşbini ýerine ýetiren Ahmet Amandurdyýewiň, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbinde çykyş eden Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewiň ussatlygynda surata düşürilen film emin agzalary we tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler