ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Greencard” loteriýasyna gatnaşmak üçin 1 dollar möçberinde hasaba alyş töleginiň girizilýändigini habar berdi. Täze düzgün 2025-nji ýylyň oktýabryndan güýje girer. Şol bir wagtda, bu lotereýany gazanýanlar üçin wiza arzalarynyň mundan beýläk seredilmegi boýunça töleg üýtgemän 330 dollar bolmagynda galýar.
Edaranyň maglumatlaryna görä, hasaba alyş töleginiň girizilmegi ulgamyň hyzmatlaryny üpjün etmäge, maglumatlary saklamaga we howpsuzlyk barlaglaryny geçirmäge çykdajylary ýapmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, Döwlet departamenti bu çäre bilen ýasama arzalaryň sanynyň azaljagyna we ýylda goşmaça takmynan 25 mln dollar girdeji gazanyljakdygyna garaşýar.
Mundan öň, ABŞ häkimiýetleri B1/B2 kategoriýaly syýahatçylyk wizalaryny hem içine alýan immigrant däl wizalaryň berilişi boýunça düzgünleri hem berkidipdi. Indi resminamalary diňe raýatlygyň ýa-da hemişelik ýaşaýan ýeriň ýurdunyň çäginde tabşyrmak mümkin.