BILIM

Russiýa Türkmenistana 2026/2027-njy okuw ýyly üçin uniwersitetlerine 500 orun berdi

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda 2026/2027-nji okuw ýyly üçin täze kwota kampaniýasy başlanýar! Russiýanyň Hökümeti ýene-de Türkmenistana ýokary bilimi almak üçin 500 orun bölüp berdi. Bu — ylma ymtylýan we has gowy bilim mümkinçiliklerini arzuw edýänler üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir.

Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Habar berlişine görä, berlen orunlar baradaky ähli möhüm maglumatlar, Russiýanyň uniwersitetleriniň tanyşdyryş kartlary, hünärler we başga-da köp zat ýerleşdiriler. Bu ýerde Russiýada ýokary bilim almak boýunça ähli soraglaryňyza jogap tapyp bilersiňiz.

Eger siz bu möhüm çärede gatnaşmak isleseňiz, sizi saýlawa gatnaşyjylarynyň arasynda görmekden hoşal bolarys. Hasaba alyş üçin education-in-russia.com saýtyna girmegiňizi haýyş edilýär.

 

Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy