DÜNÝÄ

Konor Makgregor prezidentlige dalaşgär bolmakçy

“UFC” ýaryşlarynyň ady rowaýata öwrülen türgeni Konor Makgregor resmi taýdan Irlandiýanyň prezidenti wezipesine dalaşgär boldy. Ol resmi taýdan dalaşgär boljakdygyny belläp, Irlandiýanyň halkyny özüne goldaw bermegini sorap wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

37 ýaşyndaky Dublin şäheriniň ýaşaýjysy Makgregor 24-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak isleýär.

Prezident saýlawlary üçin dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 24-nji sentýabrda tamamlanýar. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgär bolmak üçin parlamentiň 20 agzasynyň ýa-da 31 ýerli geňeşiň 4 agzasynyň goldawyny almak zerurdyr.

Konor Makgregoryň jemgyýetçilik torundaky wideoýüzlenmesini dünýäniň iň baý işewüri Ilon Mask hem goldap çykyş etdi.

Söweş sungaty boýunça dünýä belli türgeniň esasy garşydaşlary garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli we “Fine Gael” partiýasynyň dalaşgäri, ozalky ministr Hizer Hamfris bolup biler. Ýurduň iri partiýasy bolan “Fianna Fail” partiýas entek öz dalaşgärini yglan etmedi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy