DÜNÝÄ

Türkmenistan CLiKC! platformasynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň hünärmenleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Akademiýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Bakudaky Mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Duşuşygyň esasy maksady gümrük işgärleri uzak aralykdan okatmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Bütindünýä gümrük guramasynyň CLiKC! okuw platformasyny ulanylyş boýunça tejribe alyşmak boldy.

Taraplar CLiKC! platformasynyň mümkinçiliklerini okuw sapaklaryny guramakda, bilim maksatnamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we işgärleriň häzirki zaman bilim çeşmelerine elýeterliligini giňeltmekde ulanmak babatynda tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde geçirilýän okuwlaryň hil derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda aýratyn pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça CLiKC! platformasyny işjeň ulanmagyň hünärmenleri taýýarlamak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi