Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy başlady.
Bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilýär.

«Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» görnüşindäki ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň çäginde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşylar.
Ýokary derejedäki bilelikdäki duşuşygyň jemleri boýunça taraplar birnäçe resminama gol çekerler.
